Ukrainanyň we Hytaýyň Lideri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik geçirdi

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Szinpin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1979821
Ukrainanyň we Hytaýyň Lideri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik geçirdi

 

Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinisto, Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý bilen Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Szinpiniň arasyndaky telefon söhbetdeşligine kanagatlanma bildirdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý bilen Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Szinpin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Zelenskiý sosial media arkaly beren habarnamasynda “Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdim. Netijeli geçen telefon söhbetdeşliginiň we Ukrainanyň Hytaýa ilçi bellemeginiň özara gatnaşyklarymyzyň pugtalanmagyna itergi berjekdigine ynanýaryn” diýdi.

Zelenskiýniň habarnamasyndan soň Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinisto hem sosial media arkaly beren habarnamasynda “bu gowy habar” diýip belledi.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar