Ýemende Dyknyşyk Sebäpli 78 Adam Ýogaldy

Sana şäherinde nagt pul kömegi paýlanýarka dyknyşyk sebäpli 78 adam ýogaldy, 150-den gowrak adam hem ýaralandy.

1977557
Ýemende Dyknyşyk Sebäpli 78 Adam Ýogaldy

Ýemende Husileriň gözegçiligi astyndaky Sana şäherinde nagt pul kömegi paýlanýarka dyknyşyk sebäpli 78 adam ýogaldy, 150-den gowrak adam hem ýaralandy.

Oraza baýramynyň öňüsyrasynda, Sanada käbir işewür adamlary kömek maksady bilen nagt pul paýlamak isledi.

Emma dyknyşyk sebäpli 78 adam ýogaldy, 150-den gowrak adam hem ýaralandy.

Sanadaky Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Abdulhalik Al Ajeri, Içeri işler ministrligine habar berilmezden pul kömeginiň paýlanylmaga synanşylandygyny waka sebäpli iki işewür adamynyň saklanandygyny aýtdy.

Sanadaky howpsuzlyk güýçleriniň wakanyň başdan geçirlen ýerine ornaşdyrlandygyny aýdan Ajeri, waka hakynda derňew işiniň gozgalandygyny ýatlatdy.


Etiketkalar: #dyknyşyk , #nagt pul , #Ýemen

Degişli Habarlar