Bütindünýä Banky Ukraina 200 Million Dollarlyk Maliýe Kömegini Berer

Bütindünýä banky Ukrainanyň energetika infrastrukturasyny dikeltmek üçin taýýarlanan taslama boýunça 200 million dollarlyk yzyna alynmasyz kömek berjekdigini mälim etdi.

1974244
Bütindünýä Banky Ukraina 200 Million Dollarlyk Maliýe Kömegini Berer

Bankyň beýannamasynda şol taslama bilen möhüm enjamlar üpjün edilip, elektrik geçirijilerinin we ýyladyş infrastrukturasynda gerek bolan gyssagly abatlaýyş işlerine goldaw beriljekdigi aýdylýar.

Taslamanyň meliýe üpjünçiliginiň Ukrainanyň maýa goýum, galkynyş, dikeldiş we özgertmeler gaznasy tarapyndan dörediljekdigine üns çekilýän beýannamada, taslamanyň göwrümi giňeldilende kömekler we beýleki goşantlar arkaly 300 million dollara çenli goşmaça maliýe üpjünçiliginiň göz öňünde tutulýandygy mälim edildi.

Güýz we gyş aýlarynda Ukrainanyň elektrik infrastrukturasynyň 50 göteriminden gowragyna zeper ýetendigine üns çekikýän beýannamada, onuň ýurtduň ähli etraplarynda elektrik togunyň kesilmegine sebäp bolandygy, azyk, ýyladyş we suw gytlygyny ýüze çykarandygy nygtalýar.

Bütindünýä bankynyň şu günki güne çenli Ukraina üçin 23 milliard dollardan gowrak adatdan daşary ýagdaý kömegini mobilizländigi beýan edilip, şol maliýe serişdesiniň 20 milliard dollardan gowragynyň dürli taslamalar arkaly berilendigi nygtalýar.

 



Degişli Habarlar