Ýaponiýanyň Premýer ministri Afrika sapar gurar

Ýaponiýanyň Premýer ministri Afrika ýurtlaryna sapar gurar

1973749
Ýaponiýanyň Premýer ministri Afrika sapar gurar

Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumio maý aýynda geçiriljek G7 Liderler sammitinden ozal Afrika ýurtlaryna sapar gurar.

Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan berilen beýanata görä Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumio 29-njy aprel 5-nji maý aralygynda käbir Afrika ýurtlaryna sapar gurar. 

Resmi Kýodo habarlar agentligi Premýer ministr Kisida Fumionyň saparyny çäginde Müsür, Gana, Keniýa we Mozambik ýaly ýurtlara sapar gurajakdygyny habar berdi. 

Ministrler kabinetiniň mejlisiniň baş sekretary Matsuno Hirokazu beren beýanatynda, saparynyň çäginde G7-niň döwürleýin başlygy Ýaponiýanyň global meselelere garşy Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny beýan etjekdigini aýan etdi. 

Takmynan 1 hepde dowam etmegi meýilleşdirilen Afrika sapary, 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda wezipä başlan Kisidäniň Premýer ministr wezipesinde bolan mahaly Afrika gurajak ilkinji sapary bolar. 

G7 Liderler sammiti Ýaponiýanyň ýer eýeçilik etmeginde maý aýynda ýurduň Hirosima şäherinde geçiriler. 



Degişli Habarlar