Russiýanyň Daşary işler ministri hytaýly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Hytaýyň Daşary işler ministri Çin Gang Ukrainadaky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar

1974554
Russiýanyň Daşary işler ministri hytaýly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä, Sergeý Lawrow bilen Çin Gang Özbegistanyň Samarkand şäherinde Owganystana goňşy ýurtlar bolan Özbegistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň çäginde duşuşyk geçirdiler. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet başlygy Si Szinpiniň geçen aý paýtagt Moskwa şäherinde gazanan ylalaşyklarynyň iş ýüzüne geçirilmegi tapgyrynyň ele alynan duşuşykda, Owganystandaky, Orta Aziýadaky we Ukrainadaky ýagdaý maslahatlaşyldy. 

Duşuşykda: "Russiýanyň we Hytaýyň ençeme mesele boýunça şol bir garaýyşa ýa-da meňzeş garaýyşa eýedikleri, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmak, şantaž we hemle arkaly birtaraplaýyn çemeleşmeleriň, mejbur etmeleriň we halkara gatnaşyklaryň demokratikleşmegine garşy başlangyçlaryň kabul edilmesizdigi" beýan edildi. 


Etiketkalar: #duşuşyk , #Hytaý , #Russiýa

Degişli Habarlar