Hytaý: "Guş gribi bilen kesellän bir adam ýogaldy" diýdi

Hytaý guş giribiniň görnüşleriniň biriniň ýokan 1 adamyň ýogalandygyny mälim etdi

1973560
Hytaý: "Guş gribi bilen kesellän bir adam ýogaldy" diýdi

Hytaý Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna guş gribiniň A (H3N8) görnüşiniň ýokan 1 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş guramasy 27-nji martda raýatlaryň birine guş gribiniň A (H3N8) görnüşiniň ýokandygy barada maglumat berdi. 

Guş gribiniň A (H3N8) görnüşiniň şu günki güne çenli ýokan adamlaryň sanynyň 3-e ýetendigi. wakalaryň ählisiniň Hytaýda hasaba alynandygy aýan edildi. 

Hytaýda guş gribi ýokan syrkawyň, Guangdong welaýatynda ýaşaýan 56 ýaşyndaky zenandygy habar berildi. 

22-nji fewralda guş gribi bilen kesellän adam, 3-nji martda pnewmoniýa keseli sebäpli hassahana ýatyryldy we 16-njy martda aradan çykdy. 

Bu wirusyň adamdan adama ýokmak aýratynlygy bolmandygy we şol sebäpli adamlaryň arasynda milli, sebitleýin we halkara derejede ýaýbaňlanma howpunyň pesdigi çak edilýär. 

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasy, guş gribiniň A (H3N8) görnüşiniň adama ilkinji gezek 2022-nji ýylyň aprel aýynda ýokandygyny habar beripdi. 


Etiketkalar: #guş gribi , #Hytaý

Degişli Habarlar