Demirgazyk Koreýa Raketa Synaglaryny Dowam Etdirýär

Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi

1974364
Demirgazyk Koreýa Raketa Synaglaryny Dowam Etdirýär

 

Ýaponiýa bilen Günorta Koreýa, Demirgazyk Koreýanyň balistiki raketa synagyny geçirendigini habar berdi.

Ýaponiýanyň Goranmak ministrligi, Demirgazyk Koreýanyň uzak menzilli balistiki raketa synagyny geçirendigini habar berdi.

Ýaponiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy, balistiki raketanyň, ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Hokkaide sebitine düşjekdigini mälim etdi.

“ Ž-Alert öňünden duýduryş berýän ulgam arkaly, sebitiň ýaşaýjylaryna daşary çykmazlyklary we ýerzeminde garaşmaklary üçin çagyryş berildi.

Ministrlik, Ýaponiýanyň Hytaýdaky ilçihanasy arkaly Demirgazyk Koreýa protest notasyny berdi.

Günorta Koreýanyň Baş ştaby hem orta ýada uzak menzilli raketanyň ýerli wagt bilen 07.23-de Ýapon deňizine tarap atylandygyny mälim etdi.

Howada 1000 kilometrlik ýoly geçen raketa hakynda “Synag diňe Koreýa ýarymadasynyň däl eýsem halkara jemgyýetçiliginiň asudaly we durnuklylygy taýdan howply” diýildi.

ABŞ, Demirgazyk Koreýanyň uzak menilli balistiki raketa synagyny geçirmegini berk ýazgardy.

 

 

 



Degişli Habarlar