Kim Çen Yn ýurdunyň ýadro kuwwatynyň çalt we iş ýüzünde giňeldilmegini isledi

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn ýurdunyň ýadro kuwwatynyň çalt we iş ýüzünde giňeldilmeginiň gerekdigini belledi

1973221
Kim Çen Yn ýurdunyň ýadro kuwwatynyň çalt we iş ýüzünde giňeldilmegini isledi

Demirgazyk Koreýanyň resmi habarlar agentligi Koreýanyň Merkezi habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, resmi Phenýanyň garşydaş ýurtlaryň artan harby türgenleşikleri bilen ýüz-ýüze galmaklaryndan soň, Kim Çen Yn Zähmetkeşler partiýasynyň Merkezi harby komissiýasy bilen maslahat geçirdi. 

Kim Çen Yn maslahatda Komissiýanyň agzalary bilen ýurdunyň söweşe taýarlygyny maslahatlaşdy we ýadro kuwwaty ardyrmaklarynyň gerekdigini beýan etdi. 

Maslahatda soňky hepdelerde Demirgazyk Koreýanyň ýarag desgalaryna garşy ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň artan harby türgenleşikleriniň ýagdaýy dartgynlaşdyrandygy habar berildi. 

Oňa garşy Demirgazygyň bolsa ähli bu zatlary basyp alyşlyk türgenleşikleri hökmünde häsýetlendirip, Seulyň we hyzmatdaşlarynyň umumy türgenleşiklerine garşy durulmagy üçin goranyş mümkinçilikleriniň giňeldilmegini we söweşe taýarlyklaryň tamamlanmagyny ara alyp maslahatlaşandygy aýan edildi. 

Maslahatda ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň barha artýan hüjüm taýarlyklarynyň ortasynda Koreýa ýarymadasyndaky häzirki ýagdaýyň ele alynandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar