Amerikaly Resmi Wekiliýet Zelenskiý Bilen Duşuşdy

Prezident Zelenskiý ABŞ-nyň berýän goldawynyň möhümdigine ünsi çekdi

1970136
Amerikaly Resmi Wekiliýet Zelenskiý Bilen Duşuşdy

ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň agzalary Ukrainada saparda boldy.

Wekiller Palatasynyň Razwetka gullugynyň başlygy Maýk Turner, Twitterden beren habarnamasynda, Ukrainanyň paýtagty Kiýewde saparda bolandyklaryny we Prezident Zelenskiý bilen duşuşandyklaryny mälim etdi.

Turner, ABŞ-da Respublikan we Demokrat partiýasynyň Russiýa garşy söweşýän Ukraina goldaw bermäge dowam edýändigine ünsi çekdi.

Ukraina tarapyndan berlen resmi beýannamada hem, Prezident Zelenskiýniň duşuşykda ABŞ-nyň berýän goldawynyň möhümdigine ünsi çekendigi nygtaldy.

Beýannamada, duşuşykda ABŞ-nyň Ukraina berjek kömekleri we Kongresiň bu etapdaky roly hakynda pikir alyşandygy bellenildi.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý mundan başgada ABŞ-nyň ozalky Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň ýolbaşçylygyndaky Amerikaly syýasatçylardan we işewürlerden ybarat wekiliýeti hem kabul etdi.

Pompeo sapary hakynda Twitterden beren habarnamasynda, Ukraina goldaw bermäge dowam etmegiň möhümdigini ýatlatdy.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar