Somali Parahatçylyk Güýjüniň Ulagy Kerweni Nyşana Alyndy
Bombaly hüjümde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy
1969640
Somaliniň paýtagty Mogadişuda, Afrika Bileleşiginiň Somali parahatçylyk güýjüne degişli harby kerwene bombaly hüjüm guraldy.
Somali polisiýa gullugynyň ýolbaşçysy Osman Ahmed, metbugata beren beýannamasynda, Mogadişuda Afrika Bileleşiginiň Somali parahatçylyk güýjüne degişli ulag kerwenine guralan bombaly hüjümde asuda ilatdan 3 adamyň ýogalandygyny aýtdy.
Ahmed “Hüjüm, KÖ4 we KM5 çatgyrynda başdan geçirildi. Hüjümde ýolyň golaýynda goýlan mina ýaryldy” diýdi.
Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.
Hüjümde ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.
Degişli Habarlar
Eýranda Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany 49 Adama Ýetdi
Günorta Horasan welaýatynyň Tebes etrabynda kömür käninde 21-nji sentýabr gijesi partlama bolupdy.