ABŞ Russiýa Reaksiýa Bildirdi
ABŞ Russiýanyň Demirgazyk Koreýadan azyk üpjünçiliginiň öwezinde ok-däri almaga çalyşýandygyny beýan edýär.

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň Strategik aragatnaşyklardan jogapkär utgaşdyryjysy Jon Kirby Russiýanyň işjeň azyk üpjünçiliginiň öwezinde Demirgazyk Koreýadan goşmaça ok-däri almaga synanşýandygy hakynda täze maglumat alandyklaryny aýtdy.
Kirby onlaýn formatda geçiren metbugat ýygnagynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.
Sanksiýalar sebäpli Russiýanyň “garakçy režimlerden” ýarag we enjam edinmäge çalyşýandygyny aýdan Kirby, Demirgazyk Koreýanyň Ukraina guraýan harby operasiýalarynyň çäginde Russiýa berýän goldawyny artdyrmagyna alada bildirýändiklerini mälim etdi.
Kirby Russiýanyň işjek ýagdaýda azyk üpjünçiliginiň öwezinde Demirgazyk Koreýadan goşmaça ok-däri almaga çalyşýandygy hakynda täze maglumat alandyklaryny habar berdi.
Russiýanyň şol çäkde Demirgazyk Koreýa wekiliýet ugratmaga çalyşýandygyny aýdan Kirby, “Demirgazyk Koreýa bilen Russiýanyň arasyndalky haýsydyr bir ýarag ylalaşygy BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlaryna gönüden bozar” diýdi.
Degişli Habarlar

Kiýewe Rus Goşuny Tarapyndan Howa Hüjümi Guraldy
Russiýanyň diňe maý aýynda paýtagda 15 howa hüjümini gurandygy ýatladyldy.