“Russiýany Terrora Goldaw Berýän Ýurtlaryň Sanawyna Almagyň Netijesi Agyr Bolup Biler”

Blinken, senatorlaryň soraglaryna jogap berdi.

1964066
“Russiýany Terrora Goldaw Berýän Ýurtlaryň Sanawyna Almagyň Netijesi Agyr Bolup Biler”

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Russiýany giň gerimli sanksiýalary öz içine alýan “terrora goldaw berýän ýurtlaryň” sanawyna almagyň netijesinin agyr bolup biljekdigini aýtdy.

Blinken, senatorlaryň soraglaryna jogap berdi.

Senatorlardan biriniň Russiýanyň “terrora goldaw berýän ýurtlaryň sanawyna” alnyp alynmazlygy baradaky soragyna jogap beren Blinken, Russiýa garşy ähli taraplaýyn sanksiýa goýandyklaryny ýatlatdy.

Blinken “Russiýanyň harby jenaýatlaryna we zulumlaryna garşy birnäçe sanksiýa goýduk. Terrora goldaw berýän döwletleriň sanawyna alynmagynyň bolsa agyr netijelere sebäp bolup biljekdigi barada pikir edýärin” diýdi.

Blinken “Terrora goldaw berýän döwletleriň sanawyna alnyp alynmazlygy meselesi ara alnyp maslahatlaşylmaly. Şol bir netije başga ýollardan hem alnyp bilner” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar