Zelenskiý Ukrainanyň Estoniýadaky ilçisini wezipesinden çetleşdirdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, ýurdunyň Estoniýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mariana Betsanyň wezipesinden çetleşdirilmegi bilen bagly karara gol çekdi

1961531
Zelenskiý Ukrainanyň Estoniýadaky ilçisini wezipesinden çetleşdirdi

Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň internet saýtynda Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň degişli kararnamasy çap edildi.

Kararnamada Ukrainanyň Estoniýanyň paýtagty Tallin şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mariana Betsanyň wezipesinden çetleşdirilendigi habar berildi. 

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň gol çeken başga bir kararnamasynda bolsa Mariana Betsanyň ýerine Maksim Konanenkonyň bellenendigi beýan edildi. 

 



Degişli Habarlar