BMG Galla Geçelgesi Meselesinde Türkiýä Minnetdarlyk Bildirdi

Stefan Dužarriç, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň uzadylmagy üçin uly goldaw beren Türkiýä minnetdarlyk bildirdi.

1961739
BMG Galla Geçelgesi Meselesinde Türkiýä Minnetdarlyk Bildirdi

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dužarriç, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň uzadylmagy üçin uly goldaw beren Türkiýä minnetdarlyk bildirdi.

Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň uzadylmagy barada ýazmaça beýannama beren Dužarriç, “2022-nji ýylyň 22-nji iýulynda Stambulda gazanylan Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň möhledi uzadyldy. Ylalaşyk Ukrainanyň portlaryndan galla we azyk önümleri bilen birlikde döküniň howpsuz ýagdaýda dünýä bazarlaryna ýetirilmegini maksat edinýär” diýdi.

Ylalaşygyň çäginde häzire çenli 25 million tonna gallanyň 45 ýurda ýetirlendigini we halkara bazarlarda gallanyň nyrhynyň aşaklamagynda uly rol oýnandygyny ýatladan Dužarriç, “Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynda uly rol oýnan türk hökümetine sagbolsun aýdýarys” diýdi.

Galla geçelgesi ylalaşygyna Türkiýäniň, Ukrainanyň, Russiýanyň we BMG-nyň arasynda 2022-nji ýylyň 22-nji iýulynda gol çekişilipdi.

2022-nji ýylyň 19-njy noýabrynda 120 gün möhlet bilen uzadylan ylalaşygyň möhledi düýn gutarypdy.



Degişli Habarlar