Kokain Önümçiligi 2021-nji Ýylda 35 Göterim Artdy
Aziýada, Afrikada we Ýewropada 2020-nji ýylda 21,5 million adam kokain ulanýan bolsa şol san 55 milliona ýetip biler

BMG-nyň Neşe maddalaryna garşy göreş gullugy (UNODC) Kowid-19 epidemiýasy sebäpli biraz hem bolsa azalan kokain önümçiliginiň 2021-nji ýylda 35 göterim artandygyny habar berdi.
UNODC tarapyndan “2023 halkara kokain habarnamasy” taýarlandy.
Habarnamada, kokain önümçiliginiň 2021-nji ýylda 2020-njy ýyl bilen deňeşdirilende 35 göterim artandygy, şol artyşda koka agajyny ösdürip ýetişdirýänleriň sanynyň köpelmeginiň esasy rol oýnandygy ýatladyldy.
Habarnamada, soňky 10 ýylda kokain ulanýanlaryň sanynyň gün saýyn artýandygy nygtaldy.
Habarnamada, kokain bazarynyň Amerikada we Ýewropanyň käbir sebitlerinde ýaýbaňlanýandygy barada duýduryş berildi.
Habarnamada, Aziýada, Afrikada we Ýewropada 2020-nji ýylda 21,5 million adam kokain ulanýan bolsa şol sanyň 55 milliona ýetip biljekdigi nygtaldy.
Degişli Habarlar

“F-16-lar Türkiýe we NATO Üçin Diýseň Möhüm”
Blinken, Türkiýäniň F-16 harby uçarlarynyň NATO üçin hem möhümdigini aýtdy

Gwineýada Her Sagatda Bir Adam Suwuň Hapalygy we Gigiýeniki Hassalyklar Sebäpli Ýogalýar
Gwineýadaky ýaramaz sanitariýa şertleri uly hassalyk howpuny emele getirdi