Türkiýe NATO-nyň Esasy Agzalaryndan Biri

ABŞ-nyň hökümeti Türkitýä F-16 harby uçarlarynyň satuwy hakynda beýannama berdi.

1960639
Türkiýe NATO-nyň Esasy Agzalaryndan Biri

Pentagonda soraglara jogap beren Goranmak ministri Lloýd Austin Türkiýäniň NATO-nyň esasy agzalaryndan biridigini ýatlatdy.

Austin; “Türkiýe bilen uzak ýyllardan bäri dowam edýän güýçli gatnaşygymyz bar we onuň şeýle dowam etmegi üçin mümkin bolan ähli tagalla ederis” diýdi.

Auistin NATO-nuň ýaranlarynyň arasynda utgaşyklygy dowam etdirmegiň ileri tutulýmaga dowam ediljekdigini beýan etdi.

Przident Jo Baýden we hökümet Türkiýä F-16 harby uçarlarynyň satylmagynyň milli howpsuzlyk bähbitleri taýdan möhümdigini  nygtaýar.

ABŞ-nyň Konressi bolsa satuwyny Türkiýäniň Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygyna razylyk bermek bilen bilelikde käbir şertlere esaslandyrýar.



Degişli Habarlar