Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 22 adam ýogaldy

Nigeriýanyň Katsina ştatynda ýaragly adamlar tarapyndan guralan hüjümde 22 adam ýogaldy

1959193
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 22 adam ýogaldy

Milli metbugatda berilen habarlara görä Katsina ştatynyň Kankara sebitinde motosiklli ýaragly adamlar hüjüm guradylar. 

Hüjümde 22 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy. 

Katsina ştatynyň Polisiýa gullugynyň metbugat sekretary Gambo Isah hüjümiň guralandygyny tassyklady, emma ýogalan adamlaryň sany barada maglumat bermedi. 

Gambo Isah wakanyň bolan ýerine howpsuzlyk güýçleriniň gönükdirilendigini, waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar