Eýranda zäherlenme hadysalary bilen bagly 100-den gowrak adam göz tussaglygyna alyndy

Zäherlenen adamlarda dem alyş kynçylyklary, ýürek bulanma, kelle agyry we el-aýaklaryň çişmegi ýaly alamatlar hasaba alyndy

1958418
Eýranda zäherlenme hadysalary bilen bagly 100-den gowrak adam göz tussaglygyna alyndy

Eýranda esasan hem gyz okuwçylaryň we talyplaryň gidýän okuw jaýlarynda başdan geçirilen we ýurtda protestleriň başlamagyna sebäp bolan köpçülikleýin zäherlenme hadysalary bilen baglanşykly 100-den gowrak adam anyklanyp, göz tussaglygyna alyndy. 

Eýranyň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Tähran, Kum, Zinjan, Huzistan, Hemedan, Pars, Gilan, Günbatar Azerbaýjan, Gündogar Azerbaýjan, Kürdistan we Rezewi Horasan welaýatlaryndaky okuw jaýlarynda köpçülikleýin zäherlenme wakalaryň jogapkäridigi çaklanylýan 100-den gowrak adamyň göz tussaglygyna alynandygy habar berildi. 

Göz tussaglygyna alynan adamlaryň käbirleriniň duşmançylykly niýetleri bolan adamlardygy bellenen beýanatda, olaryň adamlar bilen okuwçydyr-talyplaryň arasynda gorky we howsala döretmäge synanyşandyklary we terror guramalary bilen arabaglanşykly bolup-bolmandygynyň anyklanmagy üçin derňew işiniň dowam edýändigi mälim edildi. 

Beýanatda geçen hepdeden bäri zäherlenme hadysalarynyň sanynyň azalandygy aýan edildi. 

Eýranda 2022-nji ýylyň 30-njy noýabryndan bäri esasan hem gyz okuwçylaryň we talyplaryň bilim alýan okuw jaýlarynda köpçülikleýin zäherlenme hadysalary başdan geçirilýär. 

Zäherlenenlerde dem alyş kynçylyklary, ýürek bulanma, kelle agyry we el-aýaklaryň çişmegi ýaly alamatlar hasaba alyndy. 

Häzirki wagta çenli 238 okuw jaýynda 5 müňden gowrak okuwçy we talyp zäherlendi. 



Degişli Habarlar