Dünýä ýurtlary Türkiyä ynsanperwer kömek ugratmaga dowam edýärler

Güýç merkezi Kahramanmaraş welaýatynyň Pazarjyk we Elbistan etraplary bolan we ýurduň 11 welaýatyna täsir ýetiren 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerden soň halkara derejedäki ynsanperwer kömekler dowam edýär

1958337
Dünýä ýurtlary Türkiyä ynsanperwer kömek ugratmaga dowam edýärler
pakistan yardım.jpg

BAE ýer titremeler sebäpli Türkiyä we Siriýa 215 uçar bilen ynsanperwer kömek ugratdy.

BAE-niň Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, BAE-niň Döwlet baştutany Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýanyň 7-nji fewralda beren görkezmesine laýyklykda Türkiyede we Siriýada ýer titremede zyýan çeken adamlara goldaw bermek maksady bilen başladylan "Ýigit atly goşun 2" atly operasiýa barada maglumat berildi. 

Şol çäräniň çäginde Türkiyä we Siriýa 215 uçar bilen 5 müň 975 tonna ynsanperwer kömek ugradylandygy habar berildi. 

Beýleki tarapdan Pakistanyň hökümedi tarapyndan 50 müň çadyryň daşalmagy bilen bagly "Ýörite uçuş operasiýasynyň" çäginde ugradylan 1 müň 200 çadyryň ýüklenen ilkinji uçar, Lahor şäherinden uçanyndan soň Adana şäherine geldi. 

Ynsanperwer kömek uçardan düşürilip, ýer titremäniň başdan geçirilen sebite ugradyldy. 

Beýleki tarapdan takmynan 13 müň 600 adamlyk çadyr daşaýan 3 gäminiň Pakistandan Türkiyä tarap ýola çykandygy we şu aý Mersine gelip ýetjekdigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #sebit , #Türkiye , #BAE , #Pakistan

Degişli Habarlar