Ukrainanyň paýtagty Kiýewde partlamalar boldy

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, şäherde partlamalaryň bolandygyny habar berdi

1957019
Ukrainanyň paýtagty Kiýewde partlamalar boldy

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, Telegram hasabyndan beren beýanatynda: "Kiýewiň Holosiýew etrapçasynda partlamalar boldy. Wakanyň jikme-jikligi soň beýan ediler" diýip mälim etdi. 

Beýleki tarapdan Harkow welaýatynyň häkimi Oleg Sinegubow, Russiýanyň harby güýçleriniň Harkow şäherine we onuň töweregine hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Oleg Sinegubow beýanatynda: "Duşman şähere we sebite takmynan 15 aýry gezek hüjüm gurady. Tankydy infrastruktura ýene-de basyp alyjylaryň nyşanasynyň astynda" diýip belledi. 

Ukrainanyň Odessa sebitiniň häkimi Maksim Marçenko hem Telegram hasabyndan beren beýanatynda: "Uly göwrümli raketaly hüjümleriň netijesinde raketalar sebitiň energetika infrastrukturasyna we ýaşaýyş binalaryna degdi. Adam pidalary çekilmedi" diýip habar berdi. 

Ukrainanyň ençeme sebitinde ençeme sagatlap howa hüjüm duýduryşy dowam etdi. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Milli Atom energetika guramasy (Energoatom) resmi Telegram hasabyndan beren beýanatynda, 9-njy mart güni daňdan, ýerli wagt bilen sagat 03:53-de Zaparožýe Atom bekediniň raketa bilen nyşana alynandygyny mälim etdi. Hüjümiň netijesinde Ukrainanyň energetika ulgamy bilen ýadro desgasynyň arasyndaky soň arabaglanşygyň hem kesilendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar