Ysraýylda kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde iki adam ýogaldy

Wakada uçaryň içindäki 2 adamyň ýogalandygy habar berildi

1954848
Ysraýylda kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde iki adam ýogaldy

Ysraýylyň günortasynda adatdan daşary ýagdaý sebäpli ýere gonmaga synanyşan kiçi uçaryň ýoluň üstüne gaçmagy netijesinde 2 adam ýogaldy. 

Ysraýylyň günortasynda ýerleşýän Nejef çölündäki Beersheba şäheriniň golaýynda adatdan daşary ýagdaýda gonmaga synanyşan kiçiräk bir uçar ýoluň üstüne gaçdy. 

Uçar ýere gaçanyndan soň ýanmaga başlady, wakanyň bolan ýerine saglygy goraýyş we ýangyn söndüriji topar ugradyldy. 

Wakada uçaryň içindäki 2 adamyň ýogalandygy habar berildi. 


Etiketkalar: #uçar , #Ysraýyl

Degişli Habarlar