Eýranda mekdeplerde başdan geçirilen zäherlenme wakalary bilen bagly protestler geçirildi

Eýranda 2022-nji ýylyň 30-njy noýabryndan bäri mekdeplerdäki köpçülikleýin zäherlenmeler ünsleri özüne çekýär

1954840
Eýranda mekdeplerde başdan geçirilen zäherlenme wakalary bilen bagly protestler geçirildi

Eýranda aglabasy gyz okuwçylaryň we talyplaryň gidýän okuwlarda zäherlenme wakalaryň öňüniň alynmaýandygyna nägilelik bildiren käbir ene-atalar, ýurduň paýtagty Tähran şäherindäki Milli Bilim müdürliginiň öňünde protest geçirdiler.  

Tähranyň 5-nji sebitleýin Milli Blim müdürliginiň öňünde ýygnanan ene-atalar, mekdeplerde zäherlenme howpunyň astynda bolan çagalarynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini islediler. 

Resmilere garşy hem şygarlar aýdan ene-atalara howpsuzlyk güýçleri çäre görmediler. 

Ýurtdaky mugallymlaryň hem 7-nji martda Tährandaky Mejlisiň binasynyň garşysynda we tapawutly şäherlerdäki Milli Bilim müdürlikleriniň öňünde protestler geçirjekdigi aýan edildi. 

Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi, ýurt derejesinde azyndan 30 aýry mekdepdir-uniwersitetde ýüzlerçe gyz okuwçydy-talybyň zäherlenmeginiň jogapkärleriniň ýurduň duşmanlarydygyny beýan etdi. 

Reisi: "Duşmanlarymyzyň maksatlary islendik bahana bilen ýurtda gozgalaň we haos döretmekdir" diýip belledi. 

Beýleki tarapdan bolsa şu gün hem Tähran welaýatynyň Melard etrabyndaky gyzlaryň gidýän mekdebinde käbir okuwçylar zäherlendiler. 

Eýranda 2022-nji ýylyň 30-njy noýabryndan bäri mekdeplerdäki köpçülikleýin zäherlenmeler ünsleri özüne çekýär. 


Etiketkalar: #mekdep , #okuwçy , #gyz , #Eýran

Degişli Habarlar