Saud Arabystany Ukraina 168 Tonnalyk Ynsanperwer Kömegini Berdi

Saud Arabystanynyň Ukraina 400 million dollarlyk goşmaça kömek bermegi üçin ylalaşyk teswirnamasy baglaşylypdy.

1954650
Saud Arabystany Ukraina 168 Tonnalyk Ynsanperwer Kömegini Berdi

Saud Arabystany iki ýük uçary bilen Ukraina 168 tonnalyk ynsanperwer kömegini berdi.

Saud Arabystanynyň resmi SPA habarlar gullugynda berlen habarda, “Ukraina ynsanperwer kömegini alyp giden 2 uçaryň, Riýatdan Şa Halid howa menzilinden Polşa uçandygy nygtaldy.

Habarda uçarlaryň Polşanyň Ukraina serhediniň golaýyndaky Žeşuw-Ýasenka howa menziline gonjakdygy bellenildi.

Saud Arabystanynyň Ukraina 400 million dollarlyk goşmaça kömek bermegi üçin geçen hepde ylalaşyk teswirnamasy baglaşylypdy.

Saud Arabystany ozal hem Polşa we goňşy ýurtlara giden ukrainalylar üçin 10 million dollarlyk lukmançylyk we ynsanperwer kömegini beripdi.

 

 

 



Degişli Habarlar