Gresiýada Bolan Otly Heläkçiliginde Ýogalanlaryň Sany 57 Adama Ýetdi

oOly heläkçiliginde ýaralan 6-sy agyr 48 adamyň bejergisi dowam edýär

1954260
Gresiýada Bolan Otly Heläkçiliginde Ýogalanlaryň Sany 57 Adama Ýetdi

Gresiýada çarşenbe güni bolan otly heläkçiliginde ýogalanlaryň sany 57 adama ýetdi.

Gresiýanyň döwlet telewideniýesi ERT-niň berýän habarynda, Larisa şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Tempi etrabynda ýolagçy otlysy bilen ýük otlysynyň kakyşmagy sebäpli käbir wagonlaryň relýesden çykandygy we öňdäki wagonlaryň ýanandygy sebäpli heläkçilikde ýogalanlaryň sanynyň 57 adama ýetendigi nygtaldy.

Habarda, otly heläkçiliginde ýaralan 6-sy agyr 48 adamyň bejergisiniň dowam edýändigi, 56 adamdan hiç hili habaryň ýokdygy ýatladyldy.

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias, sosial mediadan beren habarnamasynda, heläkçilik zerarly gynanç ýüzlenmesini ugradan ýurtlara minnetdarlyk bildirdi.

Gresiýanyň Prezideti Katerina Sakellellaropulu, Premýer-ministr Kirkos Mikotais, Saglygy goraýyş ministri Tanos Plewris, oppozisiadaky Radikal çepçi hyzmatdaşlygyň lideri Aleksis Çipras we Goranmak ministriniň orunbasary Nikos Hatdalias heläkçiligiň başdan geçirlen sebitine baryp gördi.

Gresiýanyň hökümeti ýurduň taryhyndaky iň uly otly heläkçiligi sebäpli 3 günlük milli ýas yglan edipdi.

Paýtagt Afinide, düýn otly heläkçiligine garşy geçirlen protest ýörüşinde dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

 



Degişli Habarlar