Germaniýanyň Goranmak ministri: "Goşunymyzyň ýurdy goramaga güýji ýok" diýdi

Germaniýanyň Goranmak ministri Boris Pistorius, Germaniýanyň goşunynyň ýurdy goramaga güýjüniň bolmandygyny habar berdi

1953930
Germaniýanyň Goranmak ministri: "Goşunymyzyň ýurdy goramaga güýji ýok" diýdi

Bild gazediniň Sosial demokrat partiýasynyň Mejlis toparyndaky töwereklere salgylanyp beren habaryna görä, Germaniýanyň Goranmak ministri Boris Pistorius deputatlara: "Bir hüjüme garşy ýurdy gorap biljek ýaragly güýçlerimiz ýok" diýip belledi. 

Germaniýanyň Goranmak ministri Boris Pistorius çykyşynda ýurdunyň NATO alýansyndaky jogapkärçilikleri ýatladyp: "Alýansyň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmelidiris, gaýta-gaýta ýerine ýetirmelidiris. Geçmişde ony edip bilmändik" diýip nygtady. 

Germaniýanyň Goranmak ministri Boris Pistorius wagt ýitirmeden Germaniýanyň goşynynyň zerur bolan ýaraglary we enjamlary satyn almalydygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar