Ukraina: "Russiýanyň territoriýasyna hüjüm guramaýarys" diýdi

Ukrainanyň Prezident ofisiniň maslahatçysy Mihail Podolýak, ýurdunyň Russiýanyň territoriýasyna hüjüm guramaýandygyny, goranyş maksatly söweş alyp barýandygyny habar berdi

1953462
Ukraina: "Russiýanyň territoriýasyna hüjüm guramaýarys" diýdi

Twitter hasabyndan Russiýada uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümleriň üstünde durup geçen Podolýak: "Ukraina Russiýanyň territoriýasyna hüjüm guramaýar. Ukraina ähli territoriýasyny basyp alyşykdan azat etmek maksady bilen goranyş maksatly söweş alyp barýar. Bu aksioma. Russiýada howsala we çökme tapgyry güýçlenýär, infrastruktura desgalaryna entek anyklanmadyk uçýan obýektler bilen içerki hüjümlerdäki artyşlar ony subut edýär" diýip belledi. 

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň uçarmansyz howa ulaglary ulanyp, Krasnodar sebitindäki we Adygeýa Respublikalaryndaky raýat infrastrukturalaryna garşy hüjümler gurandygyny beýan edipdi. 

Moskwa we Belgorod sebitlerinde hem şol gün uçarmansyz howa ulaglary ýere gaçypdy. 



Degişli Habarlar