ÝB, Günbatar Şeriada Başdan Geçirilýän Wakalara Alada Bildirýär

“ÝB, basyp alyşlyk astyndaky Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalara alada bildirýär”

1952802
ÝB, Günbatar Şeriada Başdan Geçirilýän Wakalara Alada Bildirýär

ÝB, basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada başdan geçirilýän wakalara alada bildirýändigini mälim etdi.

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Borreliň ofisinden berlen beýannamada, “ÝB, basyp alyşlyk astyndaky Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalara alada bildirýär” diýildi.

Beýannamada, ÝB-niň 26-njy fewralda Günbatar Şeriada ysraýylly 2 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi we 27-nji fewralda ýene-de bir ysraýyllynyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümi ýazgarýandygy nygtaldy.

Beýannamada “ÝB, palestinaly 1 adamyň ýogalmagyna, ýüzlerje palestinalynyň ýaralanmagyna, ýaşaýyş jaýlarynyň we dükanlaryň ýakylmagyna sebäp bolan wakalary hem ýazgarýar” diýildi.

Beýannamada 26-njy fewral gijesi Borreliň palestinaly we ysraýylly ýolbaşçylar bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi, asuda ilatyň goralmagy we dartgynlygyň azaldylmagy üçin gyssagly degişli çäreleriň görülmegi meselesinde möhüm ýüzlenme berendigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar