Russiýa ÝB-ne Reaksiýa Bildirdi
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat Sekretary Mariýa Zaharowa ÝB-niň Russiýa garşy goýan 10-njy sanksiýa bukjasy hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat Sekretary Mariýa Zaharowa ÝB-niň goýan sanksiýalary bilen öz ykdysady düzgünlerini “öldürendigini” we demokratik jemgyýete düýpli ýaramaz täsir ýetirýändigini beýan etdi.
Zaharowa ÝB-niň Russiýa garşy goýan 10-njy sanksiýa bukjasy hakynda ýazmaça beýannama berdi.
Şol hökümleriň netijesizdigini nygtan Zaharowa; “Bu gezegem şeýle bolar. Her sanksiýa bukjasy şuny görkezýär. Russiýa garşy sanksiýalar işe ýaramaýan serişde. Ýuwaşadýan zäherdigi hakyndaky garaýyşa goşulmazlyk kyn. Olar ilki bilen ÝB-niň ykdysady serişdelerini öldürýär” diýdi.
Zaharowa ÝB-niň sanksiýalary bilen özüni Russiýadan çetleşdirendigini we Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň resminamalaryndaky syýahat etme ygtyýaryny ýitirendigini nygtady.
Günataryň iki standartly çemeleşýändigini beýan eden Mariýa Zaharowa, ÝB-niň rus media tussaglary bilen žurnalistlerini hem jeza sanawyna goşandygyna ünsi çekdi.