Owganystanyň Eýrandaky Ilçihanasy Talybanyň Ygtyýaryna Berildi

Talybanyň wagtlaýyn hökümetiniň Daşary işler  ministrliginiň Metbugat sekretary Abdul Kahhar Balhi şahsy twitter hasabynda bu barasynda habarnama berdi.

1951802
Owganystanyň Eýrandaky Ilçihanasy Talybanyň Ygtyýaryna Berildi

Balhi, Owganystanyň Eýrandaky İlçihanasyna täze geňeşçi ilçiniň we diplomatlaryň bellenendigini mälim edip, ilçihananyň işini dowam etdirjekdigini habar berdi.

Owganystanyň Tähran şäherinde ýerleşýän ilçihanasyndaky diplomatlar bolsa ilçihanadan çykdy.

Owganystanyň Türkmenistandaky, Pakistandaky, Russiýadaky we Hytaýdaky ilçihanalary geçen ýyl Talybanyň garamagyna berilipdi.

Owganystanyň dünýäniň beýleki ýurtlardaki ilçihanalarynda bolsa mundan ozalky owgan hökümeti tarapyndan bellenen diplomatlar bar.

Ýurtlaryndaky ilçihanalary Talybanyň garamagyna beren ýurtlar bilen bilelikde Talybanyň hökümetini ykrar eden döwlet ýok.

Talyban 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda hâkimiýet başyna geçipdi.

 



Degişli Habarlar