Ýaponiýa, Ýer Titremeleri Zerarly Türkiýe bilen Siriýä 27 Million Dollarlyk Gyssagly Kömek Berer

Matsuno, Türkiýe bilen Siriýa kömek bermäge dowam etjekdiklerine ünsi çekdi.

1951036
Ýaponiýa, Ýer Titremeleri Zerarly Türkiýe bilen Siriýä 27 Million Dollarlyk Gyssagly Kömek Berer

 

Ýaponiýa güýçli ýer titremeleri sebäpli uly ýitgi çeken Türkiýe bilen Siriýa 27 million dollarlyk gyssagly ynsanperwer kömegini berer.

Güýç merkezi Kahramanmaraşda 6-njy fewralda bolan we Siriýada hem uly ýykylşyga sebäp bolan ýer titremelerinden soň Ýaponiýa sebite berýän kömeklerini dowam etdirýär.

Ýaponiýanyň Ministrler kabinetiniň Baş sekretary Hirokazu Matsuno, Türkiýe bilen Siriýa 27 million dollarlyk gyssagly ynsanperwer kömegini berjekdiklerini aýtdy.

Matsuny, kömegiň 16 million dollarlyk böleginiň halkara guramalar arkaly Türkiýede we Siriýada ýer titremeleri zerarly ejir çekenler azyk we ýaşaýyş jaý kömegi üçin beriljekdigini ýatlatdy.

Matsuno, hökümetiň ýapon jemgýetçilik guramalary arkaly iki ýurda 4 million dollarlyk kömek berjekdigini belledi.

Ýaponiýanyň Ministrler kabinetiniň Baş sekretary Hirokazu Matsuno, ýer titremeleri zerarly ýykylan sebitleriň ýaňadandan dikeldilmegi üçin hem Türkiýe bilen Siriýa kömek bermäge dowam etjekdiklerine ünsi çekdi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar