Dünýä ýurtlary Türkiyä goldaw bermäge dowam edýär

6-njy fewralda başdan geçirilen, Asyryň Betbagtçylygy hökmünde häsýetlendirilen we ýurduň 11 welaýatyna täsir ýetren, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerden soň dünýä ýurtlary Türkiyä goldaw bermäge dowam edýärler

1950607
Dünýä ýurtlary Türkiyä goldaw bermäge dowam edýär

Ýewropadaky türkler tarapyndan döredilen, Türkiyede iş alyp barýan raýat jemgyýetçilik guramalary ýaralara melhem bolmak maksady bilen ynsanperwer kömek işlerini dowam etdirýär. 

Sebitdäki 4 aýry gazna 25 müň meýletini bilen ýer titremäniň başdan geçirilen sebitde iş alyp barýar. 

Aşhana öýleri, mobil aşhanalar, çörek bişirilýän sehler we hödür-kerem ulaglary bilen ýer titremede zyýan çeken adamlara hyzmat berilýär. 

Demirgazyk Makedoniýadaky işewür adamlar we raýat jemgyýetçilik guramalary hem Türkiye üçin ynsanperwer kömek ýygnamaga dowam edýärler. 

Makedoniýa Türkiye Söwda palatasy, 28 ýük ulaglyk ynsanperwer kömegi we 250 müň ýewrolyk nagt pulyň Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasyna gowşurylandygyny habar berdi. 

Makedoniýadaky Türk raýat jemgyýetçilik guramalary bileleşigi hem kampaniýa geçirip, 92 müň ýewro kömek ýygnady. 

Horwatiýada ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin ýygnalan ýardamyň mukdary 583 müň ýewro ýetdi. 

Awstriýada meşhur türk moda dizaýneri Atyl Kurtoglu, ýer titremede ejir çeken adamlar üçin çäre geçirdi. 

Moda dizaýneri Atyl Kurtoglunyň döredijilikleriniň satylan çäreden alynan girdeji, ýer titremäniň başdan geçirilen sebite ugradylar. 



Degişli Habarlar