Russiýa, Ukrainanyň Herson Şäherini Nyşana Aldy

Hüjümde 6 adam ýogalandy, azyndan 12 adam hem ýaralandy

1949661
Russiýa, Ukrainanyň Herson Şäherini Nyşana Aldy
rusya herson.jpg

Russiýanyň, Ukrainanyň Herson şäherine guran hüjüminde 6 adam ýogaldy, azyndan 12 adam ýaralandy.

Russiýa, Ukrainanyň Herson şäherinde ilatly ýerleri nyşana aldy.

Ukraina tarapyndan berlen beýannamada, Russiýanyň awtobus duralgasyny we bir binany nyşana alandygy nygtaldy.

Hüjümde 6 adamyň ýogalandygy, azyndan 12 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Beýannamada, “Duşman Hersonda ýaşaýyş jaýlaryny, başlangyç klas mekdebini, hassahanany, infstrukturany we ulaglary nyşana aldy” diýildi.

Hüjümden soň birnäçe binada ýangyn boldy.

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý hem Telegramdan beren habarnamasynda, rus güýçleriniň Ukrainadaky hüjümleri hakynda maglumat berdi.

Ukrainanyň lideri “Rus goşuny asuda ilaty öldürýär”diýdi.



Degişli Habarlar