ÝB-ne Agza Ýurtlar Eýana Täze Sanksiýa Goýulmagyny Kabul Etdi

ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Eýrana 5-nji sanksiýa bukjasynyň goýulmagyny kabul etdi.

1949339
ÝB-ne Agza Ýurtlar Eýana Täze Sanksiýa Goýulmagyny Kabul Etdi

ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri, Eýranda Mahsa Emininiň ýogalmagyndan soň başlan protest ýörişlerinde aşa güýç ulanylmagy we protestçylara ölüm jezasynyň berilmegi sebäpli Eýrana 5-nji sanksiýa bukjasynyň goýulmagyny kabul etdi.

Karara laýyklykda, Eýranyň Medeniýet ministri Mehdi İsmail we Bilim ministri Ýusuf Nuri biln birlikde 32 adama we 2 gurama ÝB-ne agza ýurtlar tarapyndan sanksiýa goýlar.

Sanksiýalar, sanawdakylaryň emlaklarynyň saklanmagyny we ÝB-ne agza ýurtlara syýahat etmekleriniň gadagan edilmegi öz içine alýar.

Sanawda iki ministrden daşary käbir halk deputatlary, adalat organlarynyň agzalary, käbir tussaghanalaryň ýolbaşçylary bilen Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň ýokary çinli ýolbaşçylary hem bar.

Soňky karar bilen birlikde Eýranda sanksiýa goýlan şahyslaryň sany 196, guramalaryň sany bolsa 33-e ýetdi.

Eýranyň paýtagty Tähranda 13-nji sentýabrda “ahlak polisi” hökmünde bilinýän İrşat potrullary tarapyndan saklanandan soň ýarawsyzlanandygy sebäpli hassahanada bejergi astyna alynan 22 ýaşyndaky Mahsa Emini 16-njy sentýabrda ýogalypdy.

Emininiň ýogalmagy sebäpli dogduk diýary Sakkyzda 17-nji sentýabrda başlan protestler, ýurduň çar tarapynda hökümete garşy ýörişlere öwrülýär.

Ýurduň çar tarapynda başdan geçirlen we birnäçe aý dowam eden ýörişlerde 10 müňden gowrak adam saklanypdy.

Merkezi Norwegiýada ýerleşýän Eýran Adam hukuklary guramasy 9-njy ýanwarda çap eden habarnamasynda, Mahsa Emininiň ýogalmagyndan soň başlan protest ýörişlerinde 481 protestçynyň ýogalandygyny mälim edipdi.


Etiketkalar: #sanksiýa , #Eýran , #ÝB

Degişli Habarlar