ABŞ-nyň wekiliýeti Taýwanda saparda bolýar

ABŞ-nyň Kongresinden 4 wekil Hytaý bilen özygtyýarlylyk jedelini başyndan geçirýän Taýwanda saparda bolýar

1949166
ABŞ-nyň wekiliýeti Taýwanda saparda bolýar

Taýwanyň CNA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Demokrat partiýaly Wekiller mejlisiniň agzalary Ro Khanna, Jeýk Okinkloss we Jonatan Jekson bilen Respublikan partiýasyndan Toni Gonsalesden ybarat wekiliýet, 5 günlik sapar bilen Taýwana bardy.

Wekiliýet düýn başlan resmi saparynda Taýwanyň Kanun çykaryjy mejlisiniň başlygy Ýou Si-Kun we çip önümçiliginde dünýä lideri bolan Taýwanyň ýarym geçiriji önümçilik kärhanasynyň esaslandyryjysy Morris Çang bilen duşuşyk geçirdi.

Wekiliýete ýolbaşçylk edýän Ro Khanna saparyň maksady bilen baglanşykly: "Bu ýerdäki tagallalarymyz asla Hytaýy öjükdirmek bilen baglanşykly däldir. Alyp barýan işlerimiz Prezident Jo Baýdeniň sebitleýin parahatçylyga goşant goşmak maksady bilen Taýwan bilen gatnaşyklary ösdürmek syýasatyna laýyk gelýär" diýip habar berdi.

Şu gün Taýwanyň lideri Tsai Ing-Wen bilen duşuşyk geçirjek wekiliýet, Respublikan partiýaly Senator Todd Ýoungyň ýanwar aýynda guran saparyndan soň, şu ýyl Taýwana ABŞ-nyň Kongresinden 2 sapar amala aşyrylýar. 

ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň ozalky başlygy Nensi Pelosiniň awgust aýynda Taýwana sapar guramagy, Waşington bilen Pekiniň arasynda dartgynlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy.

Hytaý bilen özygtyýarlylyk jedelleşigini başyndan geçirýän Taýwana 25 ýyl arakesmeden soň sapar guran ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň başlygy bolan Nensi Pelosiniň saparyna, adanyň territoriýasynyň bir bölegi hökmünde garaýan Pekin tarapyndan reaksiýa bildirilipdi, Hytaýyň goşuny sapardan soň Taýwan adasynyň töwereginde harby türgenleşiklere başlapdy. 


Etiketkalar: #Hytaý , #sapar , #wekiliýet , #Taýwan , #ABŞ

Degişli Habarlar