Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Eýran bilen bagly beýannama berdi

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan, ýurdunyň eýýäm ençeme wagt bäri duýduryş berýän Eýrana degişli uçarmansyz howa ulaglarynyň Russiýa-Ukraina söweşinde ulanylýandygyny mälim etdi

1948238
Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Eýran bilen bagly beýannama berdi

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan, Germaniýada geçirilen 59-njy Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynyň çäginde Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň roly bilen baglanşykly geçirilen bölüminde, Eýranyň uçarmansyz howa ulaglary, ýadro gepleşikler, ABŞ bilen gatnaşyklar we Siriýadaky ýagdaý bilen bagly beýanat beýannama berdi. 

"Saud Arabystany eýýäm ençeme wagt bäri Eýranyň uçarmansyz howa ulaglary bilen bagly duýduryşlar berýärdi. Indi bolsa şol uçarmansyz howa ulaglary Ukraina söweşinde görýäris. Eýran bilen bu meselede aragatnaşyga geçmek gerek" diýip aýdan bin Ferhan, Eýrana ýaraglanmagyň sebite peýda getirmejekdigini we duruzulmagynyň gerekdigini aýdandyklaryny habar berdi. 

Eýran bilen gepleşikler babatynda bin Ferhan: "Gepleşiklere gaýdyp gelmegine zerurulyk bar, emma ol Pars aýlagy ýurtlarynyň gatnaşmagynda we giňişleýn bir nukdaýnazardan bolmaly" diýip belledi. 

Bin Ferhan, goňşy ýurtlary bilen duşmançylygy bolan bir döwletiň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň her kimi özüni goramaga iterjekdigini beýan etdi. 

Bin Ferhan Ýakyn Gündogaryň ýadro ýaraglaryndan saplanmagyny goldaýandyklaryny mälim etdi. 

ABŞ bilen gatnaşyklaryň hem üstünde durup geçen Bin Ferhan: "Käbir meselelerde garaýşlarymyz ters. Ol mälim bolan bir mesele. ABŞ bilen gatnaşyklarymyzda milli bähbilerimizi goräýärys" diýip aýtdy. 

Ministr Siriýa meselesi boýunça bolsa häzirki ýagdaýyň dowam etmezligi babatynda Arap dünýäsinde konsensusyň bardygyny beýan etdi. 

Bin Ferhan daşary ýurtlardaky siriýaly bosgunlar bilen ýurduň içindäki ynsanperwer ýagdaýyň çözülmeginiň gerekdigini belledi. 



Degişli Habarlar