ABŞ-da uniwersitetde ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň uniwersitetinde guralan ýaragly hüjümde 3 adam ýogaldy

1946183
ABŞ-da uniwersitetde ýaragly hüjüm guraldy

Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanata görä, düýn gije uniwersitetde 3 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen ýaragly hüjüm guraldy. 

Polisiýa gullugynyň ýüzlerçe işgäri East Lansing kampusynda asly afrikaly erkekdigi çak edilýän hüjümçini gözledi. 

Hüjümde ýaralanan 5 adam bolsa hassahanada bejergi astyna alyndy, polisiýa gullugy hüjümçiniň hüjümden soň öz janyna kas edendigini habar berdi. 

Takmynan 50 müň talybyň okaýan Miçigan ştatynyň uniwersitetinde dersler bilen birlikdä ähli çäreler 48 sagat möhlet bilen ýatyryldy. 


Etiketkalar: #talyp , #uniwersitet , #Miçigan , #ABŞ

Degişli Habarlar