Ýewropadan Türkiyä ugradylan gözleg we halas ediş toparlaryň sany artmaga dowam edýär

Ýewropa ýurtlaryndan Türkiýedäki ýer titremäniň başdan geçirilen sebite gelen we geljek gözleg we halas ediş işgärleriň sany 1500 adama golaýlady

1943888
Ýewropadan Türkiyä ugradylan gözleg we halas ediş toparlaryň sany artmaga dowam edýär

Ýewropa Bileleşigi Komissiýasy, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýatynyň Pazarjyk we Elbistan etraplary bolan we ýurduň jemi 10 welaýatyna täsir ýetiren 7,7 we 7.6 bal ululygyndaky ýer titremeler sebäpli, ÝB Raýat goranyş mehanizminiň çäginde ugradylan toparlar barada maglumat berdi. 

Şoňa laýyklykda ÝB-e agza 20 ýurt häzirki wagta çenli 29 gözleg we halas ediş toparyny we 5 lukmançylyk toparyny ugratmak üçin işe girişdi. Şol toparlaryň jemi 1485 adamdan we 100 gözleg we halas ediş itinden ybaratdygy habar berildi. 

Toparlaryň bir böleginiň Türkiyä barandygy we ýer titremäniň başdan geçirilen sebite işläp başlandygy ýatladyldy. 

Mundan başgada ÝB-niň gözleg we halas ediş we lukmançylyk toparyndan daşary çadyr, ýorgan, gyzdyryjy enjam ugratjakdygy aýan edildi. Şol enjamlary ugratmak üçin Germaniýanyň, Litwanyň we Sloweniýanyň iş alyp barýandyklary beýan edildi. 



Degişli Habarlar