Siriýadaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 1602 adama ýetdi

Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär

1943013
Siriýadaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 1602 adama ýetdi

Güýç merkezi Türkiyäniň Kahramanmaraş welaýaty bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerde, Siriýanyň biri-birinden tapawutly ýerlerinde azyndan 1602 adam ýogaldy, 3 müň 649 adam ýaralandy. 

Ýer titreme Siriýanyň Idlib, Halap, Hama, Latakiýa, Tartus we Rakka welaýatlarynda güýçli ýagdaýda duýuldy. 

Ýer titreme sebäpli ady agzalan welaýatlarda uly weýrançylyklar başdan geçirildi. 

Asada tabynlykdaky güýçleriň habarlar agentligi SANA tarapyndan berilen habarlara görä, Halap, Latakiýa, Hama we Tartus welaýatlarynda Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astyndaky ýerlerde 812 adam ýogaldy, 1449 adam ýaralandy. 

Siriýanyň demirgazygynda oppozisionerleriň gözegçiligindäki sebitlerde hem köp sanda bina ýumruldy we zyýan ýetdi. 

Siriýanyň Adan hukuklary tory, Raýat goranyş topary, ýerli resmiler, saglygy goraýyş edaralary we ýerli çeşmelerden alynan maglumatlara görä, Siriýanyň Idlib bilen Ýewfrat Galkany we Zeýtun şahajygy sebitlerinde azyndan 790 adam ýogaldy, 2200-den gowrak adam ýaralandy. 

Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Siriýa

Degişli Habarlar