Musulman alymlarynyň Bütindünýä bileleşigi gyssagly çagyryş berdi

Musulman alymlarynyň Bütindünýä bileleşigi Yslam dünýäsine ýer titremäniň başdan geçirilen sebitler üçin gyssagly kömek berilmegi barada çagyryş berdi

1942621
Musulman alymlarynyň Bütindünýä bileleşigi gyssagly çagyryş berdi

Musulman alymlarynyň Bütindünýä bileleşiginden berilen ýazmaça beýanatda, Bileleşigiň sebitiň ýurtlaryna täsir ýetiren güýç merkezi Türkiyäniň Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titreme sebäpli Türkiyäniň we Siriýanyň halklary bilen raýdaşlyk içindedikleri beýan edildi. 

Ýer titremede ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlara gyssagly şypa dilenen beýanatda, Yslam ýurtlaryna we ynsanperwer kömek guramalaryna ýer titremäniň başdan geçirilen sebitlerine gyssagly kömekleriň ýetirilmegi barada çagyryş berildi. 

Katar güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan 7,7 bal ululygyndaky ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin ýardam kampaniýasyny başlatdy. 

Kataryň Haýyr-sahawat edarasyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Ýer titremede zyýan çeken adamlara kömek" şygary bilen Türkiye we Siriýa üçin ýardam kampaniýasynyň başladylandygy aýan edildi. 

Beýanatda ynsanperwer kömekler bilen birlikde lukmançylyk enjamlarynyň hem sebite ugradylmagy üçin uly tagalla edilýändigi mälim edildi. 

Haýyr-sahawatçylaryň kampaniýa goşulmaga çagyrylýandygy bellenen beýanatda, ýer titremede zyýan çeken adamlaryň ýagdaýlarynyň erbetleşmeginiň öňüniň alynmagy barada çagyryş berildi. 

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hüseýin Ibrahim Taha hem çap eden gynanç ýüzlenmesinde, ýer titremede ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlary bilen raýdaşlyk içindediklerini beýan etdi. 

Taha YHG-na agza ýurtlaryň degişli guramadyr-edaralaryna we ähli hyzmatdaş ýurtlara Türkiyäniň alyp barýan gözleg we halas ediş işlerine goşant goşmak barada çagyryş berdi. 



Degişli Habarlar