Arap Ýurtlary Ýaramaz Howa Şertleri Sebäpli Agyr Günleri Başdan Geçirýär

Müsürde, Iordaniýada, Birleşen Arap Emirliklerinde, Katarda, Kuweýtde we Liwanda aşa ýagyş, ýel we harasat sebäpli ulag gatnawynda, saglygy goraýyş we energiýa üpjünçiliginde uly kynçylyklar başdan geçirilýär.

1941157
Arap Ýurtlary Ýaramaz Howa Şertleri Sebäpli Agyr Günleri Başdan Geçirýär

Müsüriň Ýerli galkynyş ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada ýurduň demirgazygyndaky Al-Burullus, gündogaryndaky Al-Ariş we As-Suhne portlarynyn “ýeliň tizliginiň artmağy we tolkunlaryň ýokarlamagy sebäpli ýapylandygy” mälim edildi.

Ýurduň kenaýarka etraplarynda aşa ýagyş we ýel sebäpli ýaramaz howa şertleriniň höküm sürýändigi, energiýa geçirijilerinin zyýan çekmegi we tok urmagy sebäpli köp sanly haýwanyň gyrylandygy habar berildi.

Iordaniýada, BAE-de, Katarda we Kuweýtde bolsa aşa ýel sebäpli gelen tozan tupany durmuş şertlerini agyrlaşdyrýar.

Liwanyň Meteorologia guramasyndan berilen beýannamada bolsa; “Farah” atlandyrylan tupanyň hepdäniň ahyryna çenli dowam etmegine garaýşylýandygy habar berildi.

 



Degişli Habarlar