Kowid-19 Henizem Howply Bolmagynda Galýar

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy koronawirus pandemiýasynyň henizem halkara adatdan daşary ýagdaý bolup durýandygyny, wirusyň bolsa howply ýokanç kesel bolmagynda galýandygyny beýan etdi.

1939721
Kowid-19 Henizem Howply Bolmagynda Galýar

BSGG, Kowid-19 boýunça adatdan daşary ýagdaý toparynyň pandemiýanyň global derejedäki ýagdaýy boýunça geçiren maslahatyndan soň beýannama çap edildi.

Beýannamada Kowid-19-uň halk saglygy boýunça halkara derejesinde howp bolmagyny galýandygy nygtalyp; “Topar, häzirki wagtda global derejede bar bolan “Omikron” wariantynyň ýokary derejede ýokanç bolandygyna garamazdan, ozalky wariantlar bilen deňeşdirilende ýokanç bilen agyr keselin arasynda düýpli tapawudyn bardygyny kabul etdi. Emma wirüs howply warianlara öwrülme özboluşlygyny gorap saklaýar” diýilýär.

Pandemiýanyň “öwrülşik nokadynyň golaýlaýandygyna” üns çekilýän beýannamada, wirusyň global täsirini çäklendirmek üçin käbir teklipler ileri sürülýär.

 



Degişli Habarlar