“Ukraina 250 Tank Berdik”

“Ukraina häzire çenli 250 tank berdik. Ýakynda ýene-de 60 tank ugradarys. 14 sany hem Leopoard tankyny bereris”

1938773
“Ukraina 250 Tank Berdik”

Polşanyň Premýer-ministri Mateuş Moraweskiý, 24-nji fewraldan bäri Russiýa bilen söweşýän Ukraina häzire çenli 250 tank ugradandyklaryny aýtdy

Moraweskiý, Fransuz LJY telewideniýesine beren beýannamasynda, Ukrainanyň özygtyýarlygyna goldaw bermegiň, Ýewropanyň gymmatlyklaryny goramak manysyny aňladýandygyny aýtdy.

Ukraina harby uçaryň berilmegi meselesi gün tertibine getirlen halatynda “kabul” sesini berjekdiklerine ünsi çeken Moraweskiý, “Elbetde bu meselede diňe NATO karar kabul ediler” diýdi.

Moraweskiý, Günbataryň Ukraina döwrebap ýaraglaryň berilmegi meselesinde has jogapkärçilikli hereket etmelidigini nygtady.

Ýurdunyň Ukraina ýarag kömegini bermäge dowam edýändigini ýatladan Polşanyň Premýer-ministri, “Ukraina häzire çenli 250 tank berdik. Ýakynda ýene-de 60 tank ugradarys. 14 sany hem Leopoard tankyny bereris” diýip belledi.

 

 

 


Etiketkalar: #tank , #Polşa , #Ukraina

Degişli Habarlar