Nepalda bolan ýer titremede 1 adam ýogaldy

Nepalyň Sudurpaşim welaýatynyň Bajura etrabynda bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 1 adam ýogaldy

1937329
Nepalda bolan ýer titremede 1 adam ýogaldy

Bajura etrabynyň baş dolandyryjysy Puskar Khadka, agşam etrapda 5,9 bal ululygynda ýer titremäniň bolandygyny habar berdi. 

Khadka ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 1 adamyň ýogalandygyny, birnäçe adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi. 

Ýurduň paýtagty Katmandu şäheriniň 400 km demirgazyk-günbataryndaky etraba gözleg we halas toparlarynyň we polisiýa işgärleriniň gönükdirilendigini aýdan Khadka, ýer titremede käbir mal ýataklarynyň we ekin meýdanlarynyň ýeriň aşagynda galandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Nepal

Degişli Habarlar