Tibetde Harsaň Sebäpli 28 Adam Ýogaldy
Harsaň sebäpli tuneliň çykalgasyndaky gözleg we halas ediş işleri 4 gün dowam etdi.
1936053
Hytaýyň Tibet Awtonomiýasynyň Ningçi şäherinde harsaň sebäpli 28 adam ýogaldy.
Hytaýyň günorta günbatarynda ýerleşýän Tibet Awtonomiýasynyň Ningçi şäherinde sişenbe güni tuneliň çykalgasyna harsaň düşmegi uly apata sebäp boldy.
Harsaň sebäpli köp sanly ulag ýolda galdy.
Harsaň sebäpli tuneliň çykalgasyndaky gözleg we halas ediş işleri 4 gün dowam etdi.
Apatda jemi 28 adamyň ýogalandygy habar berildi.
Gözleg we halas ediş işlerine jemi 1348 adamyň gatnaşandygy nygtaldy.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.