Putin Howpsyzlyk Geňeşiniň Agzalary Bilen Maslahat Geçirdi

Putiniň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen maslahatda, “harby operasiýa” meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

1935854
Putin Howpsyzlyk Geňeşiniň Agzalary Bilen Maslahat Geçirdi

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukrainadaky söweş meselesinde Russiýanyň Howpsyzlyk geňeşiniň agzalary bilen maslahat geçirdi.

Kreml tarapyndan berlen beýannamada, Putiniň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen maslahatda, “harby operasiýa” meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy.

Beýannamada, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň hepdäniň başynda operasiýa merkezine guran sapary hakynda Howpsyzlyk geňeşiniň agzalaryna maglumat berendigi ýatladyldy.

Beýannamada, Putiniň hem dünýä ýurtlarynyň liderleri bilen geçiren telefon söhbetdeşligi hakynda Howpsyzlyk geňeşiniň agzalaryna maglumat berendigi bellenildi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar