Owganystanda 45 Adam Sowukda Doňdy

Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatynda gyş paslynyň başyndan bäri köçede aşaýan 45 neşebendiň sowuk sebäpli ölendigi habar berildi.

1933565
Owganystanda 45 Adam Sowukda Doňdy

Hyradyň Içeri işler müdirliginiň Neşekeşlige garşy göreş bölüminiň Müdiri Haýatullah Ruhany bu barasynda metbugata beýannama berdi.

Ruhany; “Sowuk howa şertleriniň başlamagyndan bäri 45 neşebent aradan çykdy. Neşebentleri ýygnamaga başladyk” diýdi.

Başga welaýatlardan gelip Hyratda ýaşamaga başlan neşebentleriň hem bardygyny beýan eden Ruhany, soňky günlerde 3,500-e barabar neşebendiň köçelerden ýygnalyp, bejeriş merkezlerine ugradylandygyny aýtdy.

Hyrat welaýatynda esasan köçelerde ýaşaýan 70 müň neşebendiň bardygy çaklanylýar.

Ýurtda neşebentler bilen bilelikde 24 adamyň soňky birnaçe günde sowuk sebäpli doňup, ölendigi habar berilipdi.


Etiketkalar: #neşebent , #sowuk , #Owganystan

Degişli Habarlar