Russiýa Tarapyndan, Ukrainanyň Dnepr Şäherine Guralan Raketa Hüjüminde Ýogalanlaryň Sany Artdy
Zelenskiý, hüjümde 13-i çaga 73 adamyň ýogalandygyny, 6 çaganyň harabalygyň aşagyndan sag halas edilendigini ýatlatdy.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, rus goşunynyň, Dnepr şäherine guran raketa hüjüminde asuda ilatdan ýogalanlaryň sanynyň 25 adama ýetendigini mälim etdi.
Wladimir Zelenskiý, Telegramdan beren ýüzlenmesinde, öňňin rus güýçleri tarapyndan Dnepr şäherinde 9 gatly bina guralan raketa hüjümi we dowam edýän gözleg işleri hakynda maglumat berdi.
Hüjümde asuda ilatdan ýogalanlaryň sanynyň 25 adama ýetendigini aýdan Zelenskiý, ýogalanlaryň arasynda 1 çaganyň hem bardygyny belledi.
Zelenskiý, hüjümde 13-i çaga 73 adamyň ýaralanandygyny, 6 çaganyň harabalygyň aşagyndan sag halas edilendigini ýatlatdy.
Degişli Habarlar

Putin AKKA Şertnamasyny Ýatyrdy
1990-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Fransiýanyn patagty Parižde baglaşylan AKKA şertnamasy bes edildi.