Londonda guralan ýaragly hüjümde 5 adam ýaralandy

Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde ulaglaryň birinden od açylmagy netijesinde 2-si çaga jemi 5 adam ýaralandy

1932755
Londonda guralan ýaragly hüjümde 5 adam ýaralandy

Beýik Britaniýanyň Polisiýa gullugyndan berilen beýanatda görä, London şäheriniň demirgazygyndaky Eustonda, jynaza çäresiniň geçirilýän buthananyň golaýynda, hereket edip barýan ulaglaryň birinden od açylmagy netijesinde 7 bilen 12 ýaşyndaky 2 gyz çaga we 3 zenan ýaralandy. 

Euston otly bekediniň golaýyndaky wakada ýaralanan 7 ýaşyndaky çaganyň saglyk ýagdaýynyň tankydydygy, aýagyndan ýeňil ýagdaýda ýaralanan beýleki çaganyň bolsa hassahanada bejergi edilip, öýüne ugradylandygy mälim edildi. 

Hüjümde ýaralanan 3 zenanyň bolsa saglyk ýagdaýlarynyň gowudygy beýan edildi. 

Hüjüm bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 

Polisiýa gullugy wakadan soň sebitde giň-gerimli howpsuzlyk çärelerini gördi. 



Degişli Habarlar