Praýs Russiýanyň Yzgiderli Serkerde Çalyşmagyny Dälilige Meňzetdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat sekretary Ned Praýs günlük metbugat ýygnagyny geçirdi.

1932199
Praýs Russiýanyň Yzgiderli Serkerde Çalyşmagyny Dälilige Meňzetdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat sekretary Ned Praýs, Russiýanyň 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina söweşinde yzgiderli häsýetde serkerde çalyşyp, tapawutly netije almaga çalyşýandygyny we ony “dälilige” meňzedýändigini aýtdy.

Paýtagt Waşingtonda geçiren günlük metbugat ýygnagynda “Russiýanyň Baş ştabynyň Başlygy Waleriý Gerasimowuň Ukrainadaky operasiýadan jogapkär harby güýçleriň serkerdeligine bellenmegi” bilen bagly soraga jogap beren Praýs, bu wezipä belleme bilen Russiýanyň söweşde näme maksada ýetmek isleýändigini Moskwa soramalydygyny aýtdy.

 Ned Praýs: “Biziň perspektiwamyzdan seredilende, ol maňa deliligiň häsýetlendirmelerinden biri, ýagny tapawutly netije almak üçin şol bir zady gaýtalamagy ýatladýar. Russiýa her gezeginde has ýokary çinli, has tejribeli, has güýçli serkerdeleri belläp, her gezeginde-de şol netijäni alýar. Ukrainanyň özüni gorama diwaryny, özüni ýurtlaryny goramaga bagşeden ukrainaly gahrymanlar goraýar. Russiýa her gezeginde başga serkerde belläp, söweşiň dinamikalaryny özgertmegi tama edýän bolup biler. Emma ol ýerdäki esasy dinamika üýtgemez. Ol hem ukrainalylaryň öz watanlary üçin söweşmegidir” diýdi.



Degişli Habarlar