Eýranda Tebigi Gaz Geçirijisiniň Ýarylmagy Sebapli 6 Adam Ýogaldy

Ýaşaýyş jaýynda tebigy gaz geçirijisiniň ýarylmagy sebäpli 6 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy.

1932191
Eýranda Tebigi Gaz Geçirijisiniň Ýarylmagy Sebapli 6 Adam Ýogaldy

Eýranyň Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Bukan şäherinde, ýaşaýyş jaýynda tebigy gaz geçirijisiniň ýarylmagy sebäpli 6 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, şäher häkimliginiň Ýangyn söndüriş we howpsyzlyk gullugynyň başlygy Resul Marufi, tebigy gaz geçirijisi sebäpli bolan partlama hakynda maglumat berdi.

Tebigy gaz geçirijisiniň ýarylmagy sebäpli şol bir maşgaladan 2-si çaga 6 adamyň ýogalandygyny aýdan Marufi, biri ýangyn söndüriş işgäri bolmak bilen 4 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.

Eýranly ýolbaşçy, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini nygtady.

Şäher häkimliginiň Ýangyn söndüriş we howpsyzlyk gullugynyň başlygy Resul Marufi, ýogalanlaryň we ýaralananlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini ýatlatdy.

 

 


Etiketkalar: #partlama , #tebigy gaz , #Eýran

Degişli Habarlar